Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça türkmen hünärmenleri üçin ýörite okuw geçirdi.
Hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen onlaýn okuw BMGÖM-niň maliýe bazarlarynyň institusional we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy. Oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri gatnaşdy.
«Gymmatly kagyzlar bazarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi we onuň möhüm meseleleri» atly okuwda häzirki zaman gazna bazarlarynyň işleýşiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylyşynyň hukuk esaslary, dellalçylyk hyzmatlarynyň aýratynlyklary hem-de depozitar işiniň ýörelgeleri boýunça maglumatlar berildi.
Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar ynançly dolandyryş gurallarynyň ulanylyşy, paýly maýa goýum gaznalarynyň işi, birža söwdasynyň we kliring amallarynyň mehanizmleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem maýadarlaryň hukuklaryny goramak, bazardaky nädogry amallaryň öňüni almak we maliýe bazarlaryny netijeli düzgünleşdirmek boýunça halkara tejribesi öwrenildi.
Okuw türkmen hünärmenleriniň bu ugurdaky bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, halkara tejribesini milli şertlere uýgunlaşdyrmak üçin amaly çemeleşmeleri hem hödürledi.
Çäräniň netijeleri gymmatly kagyzlar bazarynyň milli infrastrukturasyny kämilleşdirmek, onuň kadalaşdyryjy binýadyny berkitmek we Türkmenistanyň içerki maliýe bazarynyň durnukly ösüşine ýardam edýän netijeli mehanizmleri ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.