8–10-njy sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki «Uzexpocentre» milli sergi toplumynda «Dokma enjamlary we tehnologiýalary — CAITME 2026» atly 17-nji Merkezi Aziýa halkara sergisi geçiriler.

Sebitiň dokma we tikinçilik pudagy üçin iri ýöriteleşdirilen çäreleriň biri bolan sergä Ýewropa, Aziýa we dünýäniň beýleki sebitlerinden 200-den gowrak kompaniýanyň we brendiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide dokma önümçiliginiň dürli ugurlaryna degişli döwrebap tehnologiýalar görkeziler. Olaryň hatarynda pagta arassalaýyş we egirme enjamlary, dokma we trikotaž maşynlary, egin-eşik öndürmek üçin tehnologiýalar, matalary boýamak we timarlamak çözgütleri, şeýle hem himiki serişdeler, programma üpjünçiligi we önümçilik galyndylaryny gaýtadan işlemek ulgamlary bar.

CAITME 2026 Türkmenistanyň dokma kärhanalary üçin hem möhüm tejribe we hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrülip biler. Türkmen hünärmenleri sergide energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, önümçiligi awtomatlaşdyrmak, önümleriň hilini ýokarlandyrmak we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça täze çözgütler bilen tanyşyp bilerler.

Serginiň çäklerinde 9-njy sentýabrda TextileExpo Uzbekistan Sourcing Hub taslamasynyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Bu platforma öndürijileri, söwda kompaniýalaryny, fabrikleri we beýleki pudaklaýyn gatnaşyjylary sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, göni işewür gepleşiklere çekmegi maksat edinýär.

CAITME 2026 Merkezi Aziýanyň dokma senagatynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara işewür gatnaşyklarynyň giňeldilmegi we öndürijileriň täze bazarlara çykmagy üçin möhüm mümkinçilikleriň biri bolar.