Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda 400 orunlyk täze 28-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Lebap.biz saýty habar berýär.
Döwrebap okuw binasy öňki mekdebiň golaýynda «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlup, okuwçylaryň döwrebap bilim almagy üçin zerur şertler döredildi.
Açylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Çärä gatnaşyjylar täze bilim ojagynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdiler. Hormatly ýaşulularyň ak patasyndan soň mekdebiň açylyşyny alamatlandyrýan lenta kesildi.
Dabaranyň dowamynda gurluşyk işlerinde tapawutlanan 10 sany hünärmene Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Myhmanlar täze mekdebiň okuw otaglaryna aýlanyp, onuň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylandygyna göz ýetirdiler.
Täze mekdebiň açylmagy Duryýap obasynyň okuwçylary üçin amatly bilim şertlerini döredip, Lebap welaýatynda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine goşant goşdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.