«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2026-njy ýylyň başyndan bäri Çeleken ýarym adasyndaky hereket edýän guýulardan 402,1 müň tonnadan gowrak nebit çykardylar. Bu görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulan möçberden ep-esli ýokarydyr.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän nebitli känlerde iş alyp barýan müdirligiň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri 367,1 müň tonna nebit çykarmagy meýilleşdiripdiler. Netijede, meýilnama 109,5 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda kärhananyň işgärleri burawlaýjylardan kabul edilen täze nebitli guýularyň ikisini senagat taýdan özleşdirmek işlerini dowam etdirýärler. Bu işler sebitde nebit çykarylyşyny artdyrmaga we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.