Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky «International Ltd.» şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň B blogunda ýerleşýän 4-nji we 5-nji ýaşaýyş toplumlarynda çylşyrymly enjamlara tehniki hyzmat etmek we abatlamak boýunça deslapky saýlama tapgyryny yglan etdi. Bu barada Orient.tm habar berýär.
CIT-26109-SR belgili bäsleşige degişli ugurda iş tejribesi bolan kompaniýalar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän kärhanalar özleriniň iş ugruny we hünär derejesini tassyklaýan resminamalary tabşyrmalydyrlar.
Gatnaşyjylara bildirilýän talaplar
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutýan kompaniýalar degişli arza bilen birlikde kärhananyň esasy iş ugurlary baradaky gysgaça maglumatlary, soňky üç ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen meňzeş işler boýunça tejribesini tassyklaýan resminamalary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şahadatnamasyny hödürlemelidirler.
Resminamalar rus we iňlis dillerinde taýýarlanyp, sahypalary belgilenmeli, tikilip, kärhananyň möhüri bilen tassyklanmalydyr. Resminamalaryň toplumy ýanyna düşündiriş haty goşulyp, asyl nusgasy we göçürmesi görnüşinde, berk ýapylan bukjada tabşyrylmalydyr. Mundan başga-da, resminamalaryň doly skanirlenen elektron görnüşini hem goşmak talap edilýär.
Bukjanyň daşynda resminamalary kabul edijiniň we iberijiniň ady, şeýle-de bäsleşigiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.
Resminamalary tabşyrmagyň möhleti
Bäsleşigiň deslapky saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin resminamalar 2026-njy ýylyň 23–29-njy oktýabry aralygynda kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň gelip gowşan resminamalar kabul edilmez.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we zerur resminamalar barada goşmaça maglumat almak üçin Aşgabat şäherindäki Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 553/3-nji salgysyna ýüz tutup bolýar.
Jogapkär hünärmen — Şasolтан Хасанова.
Telefon: +993 12 44-52-00 (5701).
Faks: +993 12 44-50-44.
Bäsleşik degişli ugurda tejribesi bolan kompaniýalara «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki önümçilik desgalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça öz mümkinçiliklerini hödürlemäge şert döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.