Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti Seýşel adalarynyň paýtagty Wiktoriýa şäherinde geçirilen Açyk açarlar direktorlygynyň Dolandyryş geňeşiniň 33-nji mejlisine we ýöriteleşdirilen okuw-amaly seminaryna gatnaşdy. Çäreler 2026-njy ýylyň 20–22-nji oktýabry aralygynda geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda serhet gözegçiligi edaralarynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy sanly çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylar syýahat resminamalarynyň hakykylygyny barlamakda esasy sanawlardan peýdalanmagyň amaly usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem elektron görnüşindäki uçarman şahadatnamalaryny we syýahatçylar baradaky sanly maglumatlary öz içine alýan täze sanly formatlary ornaşdyrmak boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyklaryň aýratyn bölümleri sebitleriň mümkinçiliklerini ösdürmek we hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlandy.

Birnäçe günüň dowamynda geçirilen işleriň netijesinde döwletleriň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen täzelenen strategik meýilnama tassyklandy.

Açyk açarlar direktorlygynyň Dolandyryş geňeşi Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) howpsuz açarlaryň global ulgamynyň işini dolandyrýan edara bolup durýar. Bu ulgam syýahat resminamalarynyň hakykylygyny we ygtybarlylygyny barlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärelere gatnaşmagy migrasiýa we serhet gözegçiligi ulgamlarynda sanly tehnologiýalary ösdürmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.