Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda dowam etdirilýändigini we bu ugur boýunça tebigy gazyň iberilmegine 2027-nji ýylda başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi. Bu barada ol «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatynda çykyş eden mahaly aýtdy.
Uzynlygy 153 kilometre deň bolan gaz geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berildi. Häzirki wagtda bu ýerde 700-e golaý türkmen hünärmeni we 300-den gowrak ýöriteleşdirilen tehnika gurluşyk işlerine gatnaşýar.
Myrat Arçaýewiň bellemegine görä, TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin döwrebap infrastruktura, hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak we ygtybarly hukuk binýadyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açyk hem-de öňünden kesgitlenen şertleri döretmäge ýardam berýändigini nygtady.
Çykyşda Türkmenistanyň tebigy gaz gorlarynyň, ilkinji nobatda, «Galkynyş» gaz käniniň taslamanyň uzak möhletleýin çig mal binýadyny emele getirýändigi bellenildi. Ýurdumyz energetika ulgamynda eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýagny gündogar, günorta we günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçy wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistan täze energetika taslamalaryny tehniki, ykdysady we hukuk şertlerini nazara almak bilen durmuşa geçirmäge çalyşýar. Şeýle başlangyçlar diňe bir energiýa serişdeleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmän, eýsem, sebitiň döwletleriniň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir.
TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen iri sebit taslamalarynyň biridir. Onuň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi energetika ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.