Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» hususy kärhanasynyň Daşoguz şäheriniň çetki böleginde ýerleşýän tikinçilik bölüminde içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrýan we importyň ornuny tutýan dürli görnüşli önümler öndürilýär.
Kärhanada häzirki zaman talaplaryna laýyklykda 40-dan gowrak görnüşli tikin önümi taýýarlanýar. Önümleriň görnüşleriniň yzygiderli täzelenmegi, olaryň hiline we daşky görnüşine aýratyn üns berilmegi bölümde öndürilýän harytlara bolan islegiň artmagyna şert döredýär.
Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda bölümde çagalar we uly ýaşlylar üçin niýetlenen egin-eşikleriň täze tapgyry öndürilip, bölek satuw söwdasyna çykaryldy. Güýz-gyş möwsümine niýetlenen, dürli bezegler bilen taýýarlanan egin-eşikler alyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär.
Bölümiň tejribeli tikinçileri tarapyndan taýýarlanylýan önümler nepis tikilişi, döwrebap dizaýny we amatlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gündelik durmuşda ulanylýan egin-eşikler bilen bir hatarda dürli kärleriň wekilleri üçin ýörite iş eşikleri hem öndürilýär.
Lukmanlar we şepagat uýalary, söwda ulgamynyň işgärleri, aşpezler, işçiler hem-de gurluşykçylar üçin niýetlenen ýörite egin-eşikler kärhananyň önümçilik ugurlarynyň esasy bölegini emele getirýär. Şeýle önümleriň ýokary hilli taýýarlanylmagy dürli ýerlerden täze sargytlaryň we buýurmalaryň gelip gowuşmagyna mümkinçilik berýär.
«Amantaý» hususy kärhanasynyň önümçilik işleriniň giňeldilmegi ýerli çig maldan we önümçilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, içerki bazary bäsdeşlige ukyply harytlar bilen üpjün etmek hem-de importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.