Türkmen topragynyň bereketi, onuň dürli görnüşli miwe we gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän aýratynlyklary halkymyzyň arasynda gadymdan bäri uly buýsanç bilen bellenip gelýär. Ýurdumyzda ýetişdirilýän her bir önüm özboluşly tagamy we hili bilen tapawutlanýar. Şolaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň ady bilen baglanyşykly gürbek gawuny aýratyn orun eýeleýär.
Daşoguzyň gürbegi özüniň süýjüligi, ýakymly ysy we özboluşly tagamy bilen meşhurdyr. Bu gawun görnüşi diňe bir ýerli ilatyň söýgüsine mynasyp bolman, eýsem, türkmen gawunçylyk däpleriniň aýratyn nusgalarynyň biri hökmünde hem tanalýar.
Gürbek ýetişdirilýän meýdanlara syn edeniňde, onuň bereketli toprak bilen sazlaşygyny görmek bolýar. Giň meýdanlarda ýetişýän gawunlaryň bol hasyly daýhanlaryň yhlasynyň, zähmetiniň we ýerden ýerlikli peýdalanmagyň netijesidir.
Daşoguzly daýhanlaryň aýtmagyna görä, bu sebitde ýetişdirilýän gürbegiň tagamy aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Welaýatyň toprak-howa şertleri gawun ösdürip ýetişdirmek üçin amatly bolup, asyrlardan bäri dowam edip gelýän daýhançylyk tejribesi bilen utgaşýar.
Gawunçylyk Daşoguz welaýatynda oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýerli daýhanlaryň zähmet medeniýetiniň we milli ekerançylyk däpleriniň hem aýdyň beýanydyr. Hasyl döwründe giň meýdanlarda ýetişen gawunlaryň bolçulygy türkmen topragynyň bereketini ýene bir gezek görkezýär.
Daşoguzyň gürbegi — diňe bir datly gawun däl. Ol bereketli topragyň, daýhanyň yhlasly zähmetiniň we türkmen halkynyň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň özboluşly nyşanlarynyň biridir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.