Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary şu ýylky hasyly ýygnamak işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Möwsüme taýýarlyk döwründe gerekli guramaçylyk çäreleri geçirilip, pagta kabul ediş bölümleriniň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işlemegi üpjün edildi.

Pagta ýygymynda ýygnalan çig pagtany daşamak üçin ýeterlik mukdarda ýöriteleşdirilen ulag serişdeleri hem işe çekildi. Bu bolsa ýygnalan hasyly öz wagtynda kabul ediş nokatlaryna ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şu ýylky hasylyň esasy bölegini ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan, ýokary netijeleri bilen tapawutlanan orta süýümli pagta sortlary düzýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu sortlar hasyllylygy boýunça gowy görkezijileri görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl birnäçe täze pagta sorty hem hasyllylyk taýdan synagdan geçirilýär. Olaryň arasynda ýerli seleksionerler tarapyndan döredilen täze görnüşler hem bar.

Ýygym möwsüminde welaýatda bar bolan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Pagta meýdanlarynda 200-den gowrak döwrebap ýokary öndürijilikli kombaýnyň, şol sanda «John Deere» kysymly tehnikalaryň işe gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maşynlar ulanylyşynyň amatlylygy, ygtybarlylygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar.

Daşoguz welaýatynda gymmatly çig malyň esasy öndürijileriniň hatarynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap, Şabat etraby, şeýle hem Akdepe we Köneürgenç etraplary aýratyn orun eýeleýär. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda pagta 30 müň gektardan gowrak meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär.

Pagta ýygymynyň ýokary depginde alnyp barylmagy möwsümi bellenilen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin döredilen şertleriň netijeli peýdalanylýandygyny görkezýär.