Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda pagta ýygymy möwsümi ýokary depginde dowam edýär. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek we öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda tagalla edýärler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy Gulatar Gazakowyň berýän maglumatlaryna görä, etrap boýunça şu ýyl 2 müň 650 gektar meýdana gowaça ekilip, döwlet harmanyna 3 müň 260 tonna pagta tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda etrapda pagta ýygymy barha gyzyşýar. Bu ugurda «Türkmenistan» daýhan birleşigi öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Birleşigiň 74 kärendeçisi dört topara bölünip zähmet çekýär. Olar her ýyl döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Etrabyň Magtymguly, S.A. Nyýazow we «Isgender» daýhan birleşiklerinde hem pagta ýygymyna uly ähmiýet berilýär.

Bereket etrabynyň çäginde iş alyp barýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň işgärleri hem gowaça ösdürip ýetişdirmekde göreldeli zähmet çekýärler. Hojalyk 500 gektar meýdana ekilen gowaçadan 625 tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýär.

Geçen ýylyň netijeleri boýunça bu daýhan hojalygy bugdaý we pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny 2,5 esse artygy bilen ýerine ýetiripdir. Bu ýyl hem ýokary netijeleri gazanmak üçin meýdanlarda yhlasly zähmet çekilýär.

Pagtaçylaryň arasynda yglan edilen zähmet bäsleşigi hem möwsümiň depginini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Her ongünlügiň netijeleri boýunça ýeňijileriň höweslendirilmegi kärendeçileriň has-da öndürijilikli işlemegine itergi berýär. Şu ongünlügiň jemleri boýunça «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Perhat Garaýew ýeňiji boldy.

Ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, tejribeli oba hojalyk işgäri Geldimämmet Tutlykowyň ýolbaşçylygyndaky toparda zähmet çekýär.

Bereket etrabynyň pagtaçylary häzirki möwsümde meýilleşdirilen hasyly ýygnap almak we döwlet öňündäki borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.