Türkmen ýaşlarynyň döredijilikde gazanýan üstünlikleri milli edebiýatyň täze zehinler bilen baýlaşýandygyny görkezýär. Şeýle ýaş awtorlaryň biri hem 22 ýaşly ýazyjy Diana Muratjanowadyr. Ol öz eserlerinde ýaşlygyň duýgularyny, arzuwlaryny we durmuş baradaky garaýyşlaryny beýan edip, türk dilinde çap edilen kitaplary bilen okyjylaryň ünsüni çekmegi başardy.
Lebap.biz saýtynyň habar bermegine görä, Diana Muratjanowa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň uçurymy bolup, onuň edebiýata bolan gyzyklanmasy mekdep ýyllaryndan başlanypdyr. Ol ýaşlykdan öz içki duýgularyny, durmuş baradaky pikirlerini we dünýägaraýşyny ýazuw arkaly beýan etmäge çalşypdyr. Yzygiderli döredijilik gözlegi ýaş awtoryň ilkinji eserlerini okyjylara ýetirmegine ýol açypdyr.
«Serbest Bırakın Benim Hayallerimi» — ilkinji kitap
Diana Muratjanowanyň ilkinji kitaby «Serbest Bırakın Benim Hayallerimi» («Arzuwlarymy erkin goýuň») 2021-nji ýylda Türkiýäniň «Gece Kitaplığı» neşirýaty tarapyndan çap edilipdir. 270 sahypalyk eser ýaş awtoryň ruhy dünýäsini we durmuş baradaky garaýyşlaryny açyp görkezýär.
Kitapda ýetginjekleriň durmuşynda duş gelýän kynçylyklar, ýitgi, arzuwlara bolan ynam we geljege bolan umyt ýaly temalar öz beýanyny tapýar. Eserde ýaşlaryň dürli päsgelçiliklere garamazdan, öz maksatlaryna we arzuwlaryna ynam bilen ymtylmagynyň ähmiýeti öňe sürülýär.
«Mutluluk Nedir?» — bagtyň gözlegindäki eser
Ilkinji kitabynyň yzyndan Diana Muratjanowa döredijilik işini dowam etdirip, «Mutluluk Nedir?» («Bagyt näme?») atly ikinji eserini ýazypdyr. 2022-nji ýylda çap edilen bu kitap 500 sahypadan gowrak göwrümi bilen tapawutlanýar.
Eserde bagt düşünjesiniň manysy, onuň adamyň durmuşyndaky orny we hakyky bagtyň gözbaşy barada pikir ýöredilýär. Awtor bagty diňe bir daşky mümkinçilikler bilen däl, eýsem adamyň içki dünýäsi, arzuwlary we durmuş tejribesi bilen baglanyşdyrýar.
Lebap.biz-iň maglumatlaryna görä, ýaş awtoryň iki kitaby hem Türkiýäniň kitap söwdasyna degişli internet platformalarynda ýerleşdirilipdir. Bu bolsa onuň eserleriniň has giň okyjylar köpçüligine ýetmegine mümkinçilik döredipdir. Iki eseriň umumy göwrümi 750 sahypadan geçýär.
Diana Muratjanowanyň eserlerini türk dilinde ýazmagy türkmen ýaşlarynyň edebiýat arkaly halkara okyjylar köpçüligine çykyp bilýändigini görkezýän mysallaryň biridir. Onuň döredijilik işi türkmen we türk halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary edebiýat arkaly ösdürmäge goşant goşýan başlangyç hökmünde hem ähmiýetlidir.
Mekdep ýyllarynda başlanan döredijilik ýoluny üstünlikli dowam etdirýän ýaş awtoryň geljekde hem täze eserler bilen okyjylary begendirmegine garaşylýar. Diana Muratjanowanyň döredijilik başlangyjy ýaşlaryň edebiýata bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we öz zehinlerini ösdürmek babatda görelde bolup hyzmat edýär.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.