Eýran Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan ýük daşamalary giňeltmek we söwda akymlarynyň bir bölegini ýurduň demirgazyk sebitlerine gönükdirmek mümkinçiligine seredýär. Bu başlangyç «Hazar ekspressi» diýlip atlandyrylýar.
Orient.tm saýtynyň habar bermegine görä, başlangyç Ormuz bogazyndaky häzirki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda Eýranyň ulag-logistika ugurlaryny diwersifikasiýa etmek maksadyny göz öňünde tutýar.
Taslamanyň çäklerinde Enzeli, Amirabad we Nowşehr portlarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmak meýilleşdirilýär. Bu portlardan ýükleriň Hazar deňziniň üsti bilen hyzmatdaş ýurtlaryň portlaryna daşalmagy göz öňünde tutulýar.
Täze ugurlaryň ösdürilmegi Eýranyň Merkezi Aziýa we Ýewraziýa bazarlaryna çykýan söwda ýollaryny diwersifikasiýa etmäge, logistika çykdajylaryny azaltmaga we alternatiw ulag geçelgesini döretmäge mümkinçilik berip biler.
Bu ýagdaý Türkmenistanyň hem ulag-logistika mümkinçilikleri üçin ähmiýetlidir. Hazar deňziniň gündogar kenaryndaky Halkara deňiz porty Türkmenbaşy «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän möhüm logistika merkezi hökmünde täze ýük akymlaryny çekmek üçin mümkinçiliklere eýedir.
Hazar deňziniň üsti bilen söwda gatnawlarynyň giňeldilmegi sebit döwletleriniň arasynda ulag-aragatnaşyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça şert döredip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.