Fransiýanyň günorta sebitlerinde dowam edýän güýçli ýagyşlar birnäçe etrapda kynçylyk döredýär. Esasan-da, Prowans-Alplar — Gök kenar sebitinde howanyň ýaramazlaşmagy netijesinde ulag gatnawynda bökdençlikler ýüze çykdy we käbir ýerlerde suw joşmalary boldy. Bu barada «news.by» neşiri habar berýär.

Güýçli ygalyň täsiri bilen käbir demir ýol ugurlarynda gatnawlar bozuldy. Şeýle-de sebitde tizligi sagatda 80 kilometrden geçýän güýçli şemal öwüsýär. Ýaramaz howa şertleri ilatyň gündelik durmuşyna we ulag ulgamynyň işine täsirini ýetirýär.

Howa şertleriniň howplulygy sebäpli Fransiýanyň birnäçe departamentinde duýduryşyň mämişi derejesi yglan edildi. Bu dereje güýçli ýagyş, suw joşmalary we ýiti şemal bilen bagly töwekgelçilikleriň bardygyny görkezýär.

Ýerli sebitlerde dowam edýän howa hadysalaryna gözegçilik edilýär. Ilata bolsa howanyň ýagdaýyny yzygiderli yzarlamak we howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek maslahat berilýär.