Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Gabriel Žezus karýerasyny Ispaniýanyň «Barselona» klubunda dowam etdirer. 29 ýaşly futbolçy Angliýanyň «Arsenal» toparyndan Kataloniýanyň klubuna geçdi.
«Barselona» braziliýaly hüjümçi bilen 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýän şertnama baglaşandygyny resmi taýdan mälim etdi.
Žezus 2022-nji ýylyň tomsunda «Mançester Siti» klubundan «Arsenal» toparyna geçipdi. Londonlylaryň düzüminde ähli ýaryşlarda 123 duşuşyga gatnaşyp, 32 gol geçirdi we 22 netijeli pas berdi. Ol «Arsenal» bilen Angliýanyň çempionatynda ýeňiji boldy, şeýle hem Çempionlar ligasynyň we Liga kubogynyň finalynda çykyş etdi.
Braziliýaly futbolçy «Mançester Siti» toparynda hem üstünlikli döwri başdan geçirdi. Bäş möwsümde bu klubuň düzüminde çykyş eden Žezus dört gezek Angliýanyň çempiony we dört gezek Liga kubogynyň ýeňijisi boldy. Mundan başga-da, ol iki gezek Angliýanyň Superkubogyny we bir gezek ýurduň kubogyny gazandy. 2020/21 möwsüminde «Mançester Siti» bilen Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.
Futbolçylyk ýoluna «Palmeýras» klubunda başlan Žezus Braziliýanyň milli ýygyndysynda hem möhüm orun eýeleýär. Ol milli toparyň düzüminde 64 duşuşyk geçirip, 19 goluň awtory boldy we 13 netijeli pas berdi.
Žezus Braziliýanyň ýygyndysy bilen 2019-njy ýylda Amerikanyň kubogyny, 2016-njy ýylda bolsa Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşynda altyn medaly gazandy. Şeýle hem ol 2018-nji we 2022-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda Braziliýanyň düzüminde çykyş etdi.
Täze transfer «Barselonanyň» hüjüm liniýasyny güýçlendirmek bilen birlikde, Žezusyň hem Ispaniýanyň çempionatynda täze futbol tejribesini toplamagyna mümkinçilik döreder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.