
Güneşli ülkämiz özboluşly tebigy gözellikleri we täsinlikleri bilen meşhurdyr. Köýtendag sebiti hem tebigatynyň täsinligi, owadanlygy bilen tapawutlanyp, syýahata gelen her bir ynsany özüne maýyl edýär. Bu ýerde ýurdumyzyň iň beýik dag nokady bolan Aýrybaba gerşi, täsin dag gowaklary, dinozawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan belent tekizlik, ýalaňaç kör balyklaryň ýaşaýan ýerasty köli, arnap tokaýlygy, Kyrkgyz, Tutly depe, Daraýdere, Umbardere ýaly dag dereleri bilen bir hatarda Gaýnarbaba çeşmesi-de bar. Bu dag çeşmesi Garlyk şäherçesiniň günortasynda ýerleşip, Köýtendagyň günbatar tarapyndan öz gözbaşyny alýar. Dagyň aşagyndan çogup çykýan kükürt-wodorodly suw köp dertleriň dermany hasaplanylýar.
Dag eteginden edil gaýnap çykýan ýaly suwuň syzylyp akmagy bu täsin çeşmäniň «Gaýnarbaba» diýlip atlandyrylmagyna esas bolupdyr. Tanymal alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Hojagaýnar — kükürtli çeşme (oňa Gaýnarbaba hem diýilýär). Hoja — bu ýerde «mukaddes» diýen manydadyr, ata, baba sözleri ýaly, öwlüýäleriň, duzly ýerleriň, kükürtli çeşmeleriň atlarynda köp duş gelýär (ol, köplenç, adyň öňünden goşulýar) gaýnar sözi bolsa gaýnap çykýan çeşmeleri aňladýar» diýip ýazýar.
Gaýnarbaba çeşmesiniň suwunyň düzümi geçen asyryň segseninji ýyllarynda ylmy-barlag işleriniň netijesinde alymlar tarapyndan öwrenildi. Çeşmäniň suwunyň ýylyň islendik paslynda 21 — 22 dereje töwereginde ýyly bolmagy onuň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerde biri-birinden tapawutlanýan iki çeşmäniň birikmeginiň netijesinde diametri 25 metr, has çuň ýeri 3 metr töweregi bolan Gaýnarbaba köli emele gelipdir. Täsin dury suwly köljagazyň düýbündäki daşlar hem mese-mälim görnüp dur. Dag çeşmeleriniň biri özüniň durulygy bilen tapawutlanýan bolsa, beýleki birinde kükürtli wodorod agdyklyk edýändigi üçin bulançak-agymtyl öwüsýär. Ýerli ilat olaryň birini «gök suw», beýlekisini «ak suw» diýip atlandyrýar. Suwunda, esasan hem, kükürtli wodorodyň bardygy anyklanylan bolsa-da, himiki düzümi doly öwrenilmedikdir. Käbir maglumatlara görä, çeşmäniň suwunda kalsiý, magniý, natriý, kaliý kationlary, hlorid, sulfat, gidrokarbonat anionlary, şeýle-de erän halyndaky gazlar we mikroelementler saklanylýar.
Biologiki nukdaýnazardan Gaýnarbaba kölüniň haýwanat we ösümlik dünýäsi içgin öwrenilmäge mynasyp. Çeşmäniň geň hem täsin häsiýeti hiç hili derýa ýa-da suw akabasy bilen arabaglanyşygy bolmazdan, bu ýerde balyklaryň ýaşamagydyr. Ýeriň astyndan çogup çykýan suwda nähili ýol bilen balyklar peýda bolduka? Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň işgärleri ülkämizde hemişelik ýaşaýan hem-de ýurdumyzyň çäklerinden uçup geçýän suw guşlarynyň endamyna ýapyşan balyk işbilleriniň bu çeşmä düşmegi bu ýerde balyklaryň peýda bolmagyna sebäp bolandyr diýen çaklamany öňe sürýärler. Gaýnarbabada ululy-kiçili balyklar köp. Bu ýerde olaryň neneňsi iýmitlenýändigi hem gyzykly bolsa gerek. Ýene bir geň ýagdaý: bu çeşmede ýyrtyjy balyklar ýaşanok. Näbelli ýollar bilen çeşmä düşüp, köpelip, uly süri bolup ýaşaýan balyklaryň arasynda ýyrtyjy balyklaryň bolmazlygy tebigatyň öz-özüni sazlaýan deňagramlylygymyka?
Çeşmäniň täsinlikleriniň ýene biri-de bu ýerde «garlyk dadrany» diýlip atlandyrylýan endemik, ululygy 3-4 santimetre barabar balykgulaklaryň ýaşaýanlygydyr. Ak reňkli, melemtil tegmilli täsin balykgulaklar Gaýnarbaba çeşmesinden gaýry ýerlerde gabat gelmeýärler. Ylmy taýdan öwrenilende Gaýnarbaba çeşmesiniň täsinlikleriniň bize mälim bolmadyk taraplarynyň ýene-de ýüze çykarylmagy mümkindir. Alymlaryň pikirlerine görä, Gaýnarbaba kölünde ýura döwründen galan balykgulaklar, ýer gurçuklary we beýleki oňurgasyz jandarlar duş gelýärler. Geljekde alymlar tarapyndan bu täsinlikler içgin öwrenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan oňyn özgertmeleri daşky gurşawymyzyň goralmagy babatynda hem tutumly işleriň amala aşyrylmagyny nazarlaýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk owadan tebigatymyzy goramak, rejeli ulanmak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen, döwlet derejesinde alnyp barylýan gerimli işler ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşup, tebigatymyzyň baý biodürlüliginiň we bize eçilen täsinlikleriniň geljekki nesillere ýetiriljekdigine ynamymyzy berkidýär.
Keywords