Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda «Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirer.

Halkara forum «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — maksatlara beslenen bedewleriň Watany» ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Bütindünýä daşky gurşawy goramak günüine bagyşlanýar.

Sanly ulgam arkaly geçiriljek maslahatda dört sany esasy ugur boýunça ylmy çykyşlar diňleniler:

  1. Ekologiýa howpsuzlygy: Häzirki zaman biliminiň we ylmynyň gazananlarynyň orny.
  2. Howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri: Adaptasiýa meseleleri we suw gorlaryny goramagyň häzirki zaman ýollary.
  3. Tebigy serişdeler: Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary.
  4. Bioköpdürlilik: Bioköpdürliligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we olaryň amaly ähmiýeti.

Uniwersitet bu foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, aspirantlaryny we talyplaryny çagyrýar. Şeýle hem çärä Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň "Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi güýçlendirmek" taslamasynyň hyzmatdaşlary gatnaşarlar.

Maslahata gatnaşmak üçin tezisler, annotasiýalar we hasaba alyş anketalary 23-nji maýa çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysy arkaly kabul edilýär. Maslahat türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • (+99312) 94-67-37 (3173)
  • (+99365) 50-31-65

Bu halkara forumyň esasy maksady howanyň üýtgemegi we adamyň daşky gurşawa täsiri bilen bagly ekologik kynçylyklara çuňňur seljerme bermekden ybaratdyr. Şeýle hem çäräniň dowamynda ekologiýa bilimi boýunça täze okuw meýilnamalaryny, sanly platformalary we interaktiw guralary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa ylmy barlaglar we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarar.