Garagum sährasy Türkmenistanyň tebigy gözellikleriniň we özboluşly baýlyklarynyň jemlenen künjekleriniň biridir. Onuň giň çägelikleri, belent gum depeleri, ala takyrlyklary, ýaýylyp ýatan düzlügi we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligi bu mekanyň gözelligini has-da artdyrýar.
Şu ýyl TÜRKSOÝ halkara guramasynyň gatnaşmagynda, türki dilli döwletleriň ussat artistleriniň we azerbaýjanly kinorežissýor Wagif Mustaфаýewiň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda Garagum sährasynda «(Hoja Nasreddin) Ependi – kyn günleriň hossary» atly çeper film surata düşürildi. Filmiň käbir keşplerini janlandyrmak we köpçülikleýin sahnalara gatnaşmak üçin Türkmen döwlet medeniýet institutynyň birnäçe talyby saýlanyp alyndy.
Şol talyplaryň biri hökmünde filmde çapyksuwar ýigidiň keşbini ýerine ýetirmek mümkinçiligi maňa-da miýesser etdi. Döredijilik topary bilen Garagum sährasynyň merkezinde birnäçe gün bolup, daşary ýurtly artistler bilen bilelikde filmiň dürli sahnalarynyň surata düşürilişine gatnaşdyk.
Surata düşüriliş günlerinde Garagumyň tebigy gözelligine has ýakyndan syn etmek mümkinçiligi boldy. Ak çägelikler, belent-belent gum depeleri, ala takyrlyklar, uzaklardan seleňläp görünýän çulbalar, giň düzlüklere ýaýran tebigy görnüşler we ýagyş suwlarynyň ýygnanýan kaklary aýratyn täsir galdyrdy. Merkezi we Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň özboluşly keşbi daşary ýurtly myhmanlaryň hem ünsüni özüne çekdi.
Sähranyň ösümlik we haýwanat dünýäsi hem örän baýdyr. Bu ýerde ösýän endemik we dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşi tebigatyň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Olaryň dermanlyk aýratynlyklary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde hem giňişleýin beýan edilýär.
Garagumda bolan günlerimizde ak we gara sazak, sözen, gara agaç, alatikеn, tilkiçaýy, gyzgany, itüzüm, düýedaban, akbaş, syzan, keýigokara ýaly ösümliklere duş geldik. Şeýle-de gyýak, ýylak, ýandak, tilkiguýruk we burkaz ýaly ösümlikler sähranyň ösümlik dünýäsiniň baýlygyny görkezýär.
Garagum sährasy diňe bir çägelikleri we giň meýdanlary bilen däl, eýsem, özboluşly ösümlik dünýäsi, tebigy aýratynlyklary we gözelligi bilen hem tapawutlanýar. Bu täsin künjegi öz gözleriň bilen görmek onuň tebigy baýlyklaryna we gözelligine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.