Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek SwapUp Astana atly sebitleýin maksatnama Merkezi Aziýanyň ýaş liderlerini bir ýere jemlär. 2026-njy ýylyň 11–13-nji sentýabry aralygynda geçiriljek maksatnama Türkmenistanyň ýaşlary hem gatnaşyp bilerler.
Maksatnama Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň 15–35 ýaş aralygyndaky ýaşlary üçin niýetlenendir. Oňa talyplar, ýaş hünärmenler, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň we startaplaryň awtorlary, şeýle hem ýaşlar taslamalaryna işjeň gatnaşýan beýleki ýaşlar ýüz tutup bilerler. Gatnaşmak üçin belli bir hünär ýa-da iş ugruna degişli çäklendirme ýok.
Üç günüň dowamynda gatnaşyjylar liderlik, tehnologik innowasiýalar, jemgyýetçilik başlangyçlaryny ösdürmek we taslamalary dolandyrmak boýunça okuwlara gatnaşarlar. Maksatnamanyň esasy bölekleriniň biri Social Capstone Hackathon bolup, onuň çäklerinde ýaş liderlere öz ideýalaryny we başlangyçlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik dörediler.
SwapUp Astana jemi 15 gatnaşyjy üçin niýetlenendir. Olaryň 10-sy üçin doly ýa-da bölekleýin maliýeleşdirilýän orunlar göz öňünde tutulýar. Maliýe goldawy ýol, ýaşaýyş, iýmit we maksatnama gatnaşmak bilen bagly beýleki çykdajylaryň öwezini dolmagy öz içine alyp biler. Galan bäş orun çykdajylaryny özbaşdak töleýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir.
Maksatnama gatnaşmak üçin IELTS şahadatnamasynyň bolmagy hökmany däl. Şeýle-de bolsa, okuwlaryň we çäreleriň iňlis dilinde geçirilýändigi sebäpli dalaşgärleriň iňlis dilini ýeterlik derejede bilmegi zerurdyr.
Saýlaw döwründe jemgyýetçilik, bilim, tehnologiýa, meýletinçilik we beýleki jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlara gatnaşan dalaşgärlere aýratyn üns berler.
Guramaçylar maksatnamanyň netijesinde öz taslamalaryny ösdürmäge we Merkezi Aziýanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanýan ýaş liderleriň täze toparyny döretmegi maksat edinýärler.
Arza tabşyrmagyň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.