Gazagystanda wise-prezident wezipesiniň döredilmegi bilen bagly täze döwlet dolandyryş ulgamy kemala gelýär. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew wise-prezident wezipesine bellenjek adamyň adynyň ýakyn bir hepdäniň ýa-da 10 günüň dowamynda mälim ediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany bu barada Astanadaky Garaşsyzlyk köşgünde parlament saýlawlarynda ses bereninden soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berende aýtdy. Tokaýew wise-prezidentiň şahsyýetini häzirlikçe aýtmagyň ir boljakdygyny belläp, bu wezipä belli we jemgyýetde giňden tanalýan adamyň bellenmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Prezidentiň sözlerine görä, wise-prezident wezipesiniň döredilmegi ýurduň täze Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan möhüm özgerişleriň biridir. Onuň bellemegine görä, häzirki halkara we içerki şertlerde döwlet dolandyryş ulgamynda şeýle wezipäniň bolmagy zerur bolup durýar.

Täze wise-prezident döwlet Baştutany tarapyndan belleniler. Şol bir wagtyň özünde onuň dalaşgärligi ýurduň täze bir palataly parlamenti bolan Gurultaýyň deputatlary tarapyndan tassyklanylmalydyr.

Tokaýew Gazagystanda geçirilen Gurultaý saýlawlaryna hem ýokary baha berdi. Ol bu saýlawlaryň ýurduň ösüşiniň täze tapgyrynyň başlangyjydygyny aýdyp, döwletde möhüm özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Prezidentiň pikirine görä, Gazagystan eýýäm birnäçe möhüm netijeleri gazandy. Şeýle-de bolsa, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin özgertmeleri dowam etdirmek zerur.

Wise-prezident wezipesiniň döredilmegi Gazagystanyň döwlet dolandyryş ulgamyndaky soňky konstitusion özgertmeleriň çäginde amala aşyrylýan möhüm täzelikleriň biri hökmünde görkezilýär.