
Halkymyz müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhymyzyň bütin dowamynda heňňamlara ýaň salan ylmy açyşlary, binagärlik we senetçilik däpleri, dürdäne edebi eserleri bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşupdyr. «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, ajaýyp döwrümizde pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, ylmy esasda öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň aprel aýynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» kabul etmegi bilen bu ugurdaky işler has-da giň gerim aldy.
Mälim bolşy ýaly, Amyderýanyň boýlary taryhyň ähli döwürlerinde gülläp ösen medeniýetiň mekany bolupdyr. Welaýatymyzyň çäginde şöhratly geçmişimize şaýat bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň, galalaryň 196-sy hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda Daýahatyn kerwensaraýy, Soltanýazgala, Ajy, Baragyz galalary, Astanababa, Alamberdar mawzoleýleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň okan ýeri bolan Idris baba medresesi öz döwründe älem içre giň meşhurlyk gazanypdyr. Häzirki wagtda gadymy desgalarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, olary asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek boýunça köp işler edilýär.
Türkmenabat şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän Amul galasy hem irki döwürlerde iň gelim-gidimli ýerleriň biri hökmünde tanalypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmegi, Jeýhunyň üstünden amatly geçelgäniň bolmagy gadymy şäheriň söwda-ykdysady babatda batly depginde ösmegini şertlendiripdir. Bu ýerde dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan, birnäçe metr çuňlukda saklanyp galan naharhananyň, hammamyň diwarlarynyň sudurlary, kümüş, mis teňňeler, zenan şaý-sepleri, küýzeler, at esbaplary, keramiki gap-gaçlary bişirmek üçin niýetlenilen üç aýakly ýörite enjam we beýleki gymmatly tapyndylar Amulyň geçmişdäki ösen ýaşaýyş medeniýetinden habar berýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy, welaýat häkimligi tarapyndan mundan iki ýyl ozal dünýäniň taryhçylarynyň, arheologlarynyň, mirasy öwrenijileriniň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi we özara tejribe alşylmagy taryhy desgada alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini has-da ilerletmäge ýardam etdi.
Geçen aýda gadymy desgalarda gazuw-agtaryş, dikeldiş işlerini geçirmegiň ýazky möwsüminiň başlanmagy bilen Amul galasynda-da bu ugurdaky çärelere badalga berildi. Möhüm iş «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýar.
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy ylmy esasda çuňňur öwrenmek, olary dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýärler. Bu hem oňyn miwelerini berýär. Biz şu günler dört adamdan ybarat toparymyz bilen Amul galasynyň demirgazyk-gündogar böleginiň medeni gatlaklarynda gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarys. Eýýäm gymmatly tapyndylaryň birnäçesi ýüze çykaryldy. Işler ýene dowam edýär. Biz galanyň diwarlarynda dikeldiş işlerini hem geçirýäris. Gadymy desgany asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli tagallalary edýäris — diýip, ýokarda ady agzalan goraghananyň ylmy bölüminiň müdiri Nurýagdy Hoşwagtow gürrüň berýär.
Goraghananyň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Kerki etrabyndaky Mürzebeggala ýadygärliginde, Darganata etrabyndaky Daýahatyn kerwensaraýynda hem ylmy-barlag, dikeldiş işlerini geçirmegi meýilleşdirýärler. Şunlukda gymmatly maglumatlar aýan bolar, taryhy desgalar başky durkunda geljekki nesillere ýetiriler.
Keywords