
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň rezidensiýasynda ministr Ço The Ýol tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri üçin resmi agşamlyk nahary guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B. Durdyýew hem gatnaşyp, döwletara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň esasy üns merkezi 2026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji Sammit boldy.
Koreýanyň DIM-niň ýolbaşçysy geljekki ýokary derejeli duşuşygyň sebitara hyzmatdaşlygy täze, hil taýdan has ýokary derejä çykarmak üçin taryhy pursatdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Ilçisi gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösýändigini belledi.
Taraplar iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmak üçin aşakdaky ugurlarda işjeňleşmegi ylalaşdylar:
Türkmenistanyň Ilçisi koreý tarapynyň sentýabr aýynda geçiriljek Sammitiň mazmun taýdan baý we guramaçylykly bolmagy üçin edýän tagallalaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň bu taryhy wakanyň üstünlikli geçmegi üçin ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy tassyklanyldy.
Bu duşuşyk, Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň 2026-njy ýylda täze taryhy sepgitlere ýetjekdiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Keywords