
"Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026" atly XVII halkara ykdysady forumynyň çäginde geçirilýän "Kazan Halal Market" ýarmarkasynda Türkmenistanyň milli pawilýony uly gyzyklanma döretdi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen diwarlygyna baryp, hödürlenýän önümler bilen ýakyndan tanyşdy.
Şu ýylky halkara ýarmarkasyna Russiýanyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlaryň 9-syndan 100-e golaý öňdebaryjy kompaniýa gatnaşýar. Türkmenistanyň pawilýonynda dünýäniň "halal" standartlaryna doly laýyk gelýän ýerli önümleriň giň toplumy görkezilýär.
Tatarystanyň Baştutany özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda çäräniň gerimine we türkmen öndürijileriniň harytlarynyň hiline ýokary baha berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
12-17-nji maý aralygynda dowam etjek bu sergi diňe bir önüm görkezmek däl, eýsem täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin hem amatly meýdançadyr:
"Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum" forumy Russiýa Federasiýasy bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň esasy platformasy hökmünde öz ornuny berkidýär. Türkmen wekiliýetiniň bu çärä işjeň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykýandygyny görkezýär.
Keywords