
Gyz-gelinleriň dakynan şaý-sepleri gadymy däpleri özünde saklaýar. Ol köptaraply milli baýlygymyz bolup, ýaş aýratynlyklary boýunça döşe, bilege, saça, başgaplara, egineşiklere dakylýan görnüşlere bölünýär. Gyz-gelinler, şeýle-de ak saçly ene-mamalarymyz ýaşyna mahsus ýeňil şaýlary dakynýan bolsalar, uly ýaşly gyzlar, ýaş gelinler özlerini agramly şaýlar bilen bezäpdirler. Ýaňy durmuşa çykan ýaş gelinleriň egin-eşigine dakynýan şaý-sepleri köpdürlüligi we agramy boýunça beýlekilerden has tapawutlanypdyr. Ussat zergärler tarapyndan köp we dürli görnüşli ýasalan bu bezeg şaýlary dakylyş usullary boýunça hem tapawutlanýar. Türkmen zenanlary bezeg şaýlarynyň toplumyna degişli romb görnüşli gönjük şaýyny hem dakynypdyrlar. Gönjük egin-eşiklere dakylýan şaý-sepleriň hatarynda bolup, ýaş gelinleriň toý-dabaralarda dakynan bezeg hem gorag şaýydyr. Ol daşky görnüşi boýunça jübüt ýasalýan çaňňa şaýyna çalymdaş bolsa-da, çaňňadan düýpgöter tapawutly hem-de täk ýasalýar. Gönjük şaýynyň ýerligi kümüşden edilip, ýüzüne altyn çaýylýar, hakyk gaşlar oturdylyp, «kerkere», «nerrek», «islimi», «atanak», «ýylanyzy», «hüwi», «bugdaý», «çybyk» nagyşlary bilen çeper haşamlanýar. Gönjügiň ýokarky we iki gapdal burçy berkidiji halkaly bolýar. Aşaky üçburçluk tarapynda bolsa, örme zynjyrly, ýüzi gaşly aralyk bezegli, güberçekli şelpeleri ýa-da kümüş düwmeleri bolýar. Etegi şelpeli, düwmeli ýasalýan bu şaýa halk arasynda «şelpeli gönjük», «düwmeli gönjük», «dökrümli gönjük», «goňrawly gönjük» hem diýilýär. Bu şaý keteni köýnegiň keşdelenen ýakasyna, onuň iki gapdalyna setirleýin düzülen öň teňňeleriň (apbasylaryň) arasyna ýakanyň aşagyndan köýnege çatylyp dakylýar. Kähalatda gara gülli bil guşaga berkidilýär ýa-da nah matadan edilen uzyn boýunbag bilen göbegiň üstünden dakylýar. Geçmişde bu şaýa «göbeklik» hem diýlipdir. Käbir zenanlar gönjügi boýundan asylan bukaw şaýy bilen bilelikde dakynypdyrlar. Bukaw bilen gönjük şaýy täze gelniň toý lybasynyň bezegi bolupdyr. Zenanlar gönjük bilen bilelikde uly göwrümli alty burçly ýasalan gursaga dakylýan gursakça şaýyny hem dakynypdyrlar. Gursakça şaýynyň haşamynda iki sany romb şekili bolup, şaýyň merkezinde iki üçburçlugyň sepleşip birikmegi, ene-mamalarymyzyň yrym-ynançlary bilen bagly bolupdyr. Ýagny bu şekil has irki döwürlerden bäri köp nesilliligi alamatlandyrypdyr. Hasyllylyk taglymynyň şekil beýany hökmünde romb nyşany alymlar tarapyndan onuň görnüşiniň — deň sagryly üçburçluklaryň esasynda düşündirilýär. Bularyň biriniň ujy ýokaryk gönükdirilendir, munuň özi käbir hünärmenleriň hasaplaýşy ýaly, asman nyşany. Beýleki şaý-bezeglerden tapawutlylykda, gönjük şaýy göwreli gelinleriň tä çagalary bolýança hökmany dakynýan şaýy bolupdyr. Bu şaý kümüşden ýasalyp, ýaş enäniň we göwredäki çaganyň goraglylygyny hem üpjün edipdir. Zenan bezeg şaýlary geçen asyrlaryň taryhy şaýatlary bolmak bilen, biziň döwürdeşlerimize parasatly pederlerimiziň ösen senetçiligi bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri berýär. Muzeý gymmatlyklary maddy medeniýetiň mirasy hökmünde hemmetaraplaýyn öwrenilýär. Türkmen jemgyýetini ösdürmek, halkyň ruhy baýlyklaryny, dilini, taryhyny, medeniýetini öwrenmek, goramak we dogruçyl beýan edip, asyl nusgasynda halka ýetirmek muzeý hünärmenleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
Keywords