2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda tegelek stol maslahaty geçirildi. Duşuşykda sebitde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, köp dilli bilimi ösdürmek we ähli çagalar üçin ýokary hilli bilimiň elýeterliligini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, Aşgabatda geçirilen duşuşyk 2006-njy ýylda Daşkentde başlanan döwletara dialogyň dowamydyr. Şeýle hem ol 2012-nji ýyldan bäri amala aşyrylýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa bilim maksatnamasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.

Bu platforma bilim ulgamynda tejribe alyşmagy, dil azlyklarynyň bilim mümkinçiliklerini goldamagy we milletara düşünişmegi pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Maslahatda Gyrgyzystanyň bilim ministriniň orunbasary Nadira Žusupbekowa «Köpdilli çemeleşmeler arkaly sebit hyzmatdaşlygyny we ýokary hilli bilimi ösdürmek» atly hasabat bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gyrgyzystanyň köp dilli bilim ulgamynda toplan tejribesini we ulanylýan okuw modellerini tanyşdyrdy.

Gyrgyz tarapynyň bellemegine görä, dil dürlüligi möhüm durmuş-medeni baýlyk bolup, köp dilli bilim okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, döwlet dilini ösdürmäge we bilim almakda deň mümkinçilikleri döretmäge ýardam berýär.

Gyrgyzystan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin üç sany esasy başlangyjy öňe sürdi. Olaryň hatarynda mugallymlary taýýarlamak boýunça bilim maksatnamalaryny alyşmak, iki dilli we multimediýaly okuw serişdelerini öz içine alýan umumy sanly kitaphanany döretmek, şeýle hem bilim ulgamyndaky maglumatlary ýygnamak we seljermek usullaryny kämilleşdirmek bar.

Bu teklipleri ÝHHG-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, şeýle başlangyçlar Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Mongoliýada bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, okuw mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de inklýuziw we elýeterli bilimi ösdürmäge goşant goşup biler.