Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gruziýanyň iri deňiz portlarynyň ýolbaşçylary Baku şäherinde geçirilen duşuşykda Orta geçelgäniň işini has-da utgaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyga Türkmenbaşy, Baku, Aktau, Kuryk, Poti we Batumi portlarynyň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň dowamynda Hazaryň we Gara deňziniň basseýnlerini birleşdirýän ýeke-täk üstaşyr ulag giňişligini döretmek, şeýle hem sebitara logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Orta geçelge boýunça ýük gatnawlarynyň artmagy portlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Baku halkara deňiz portunyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky deňiz ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,6 göterim artdy. Gazagystanyň portlary bilen deňiz gatnawlarynyň möçberi bolsa 6 göterim ýokarlandy.

9–10-njy sentýabrda geçirilen iki günlük forumyň dowamynda logistiki päsgelçilikleri azaltmak, serhetden geçiş amallaryny sanlylaşdyrmak hem-de Ro-Ro görnüşli gämileri we dürli ýükleri has çalt işlemek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Baku portunyň ýük dolandyryşynyň bitewi merkezi bilen tanyşdylar. Şeýle hem «Ýaşyl port» konsepsiýasynyň çäklerinde daşky gurşawy goramaga gönükdirilen döwrebap tehnologiýalar boýunça tanyşdyrylyş geçirildi.

Duşuşyk Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň, AZCON holdinginiň, «Azerbaýjan demir ýollary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Baku portunyň guramagynda, Aziýada özara gatnaşyklar we ynam çäreleri boýunça Geňeşiň Sekretariatynyň goldawy bilen geçirildi.

Hazar we Gara deňziniň portlarynyň işini has ýakyndan utgaşdyrmak Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda multimodal ulag ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de Orta geçelgäniň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döreder.