Durmuşda hünärleriň köpdürlüligine garamazdan, ýaşlaryň öz ukybyna we gyzyklanmalaryna laýyk hünäri saýlap almagy olaryň geljekki durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Söýüp saýlan kärine yhlas bilen ýapyşyp, ähli ukyp-başarnygyny işine gönükdirýän adamlar zähmet çekýän köpçüliginde hem-de jemgyýetde hormat-sarpa eýe bolýarlar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň esasy hünärmen-gidrogeology Şamyrat Mämmetjumaýew hem şeýle hünärmenleriň biridir.
Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde doglup, önüp-ösen Şamyrat Mämmetjumaýew 1993-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň nebit we gaz fakultetiniň gidrogeologiýa bölümine okuwa girýär. Ol 1998-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, ýaş hünärmen hökmünde zähmet ýoluna başlaýar.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, ýollanma esasynda häzirki wagtda zähmet çekýän kärhanasyna işe gelen Şamyrat ilkinji günlerinden tejribeli hünärmenleriň goldawyna eýe bolýar. Ekspedisiýanyň gidrogeologiýa bölüminiň müdiri Atamyrat Öwezgeldiýew we baş gidrogeolog Geldi Jumaýew ýaş hünärmene halypalyk edip, onuň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam berýärler.
Tejribeli halypalaryň göreldesi we öwüt-ündewleri ýaş hünärmeniň saýlap alan kärine has-da içgin aralaşmagyna, nazary bilimlerini iş tejribesi bilen utgaşdyrmagyna möhüm şert döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.