Hytaýyň bazarynda özboluşly gurluşy bilen tapawutlanýan «Telufu GT5» atly üç tekerli elektrik ulagy peýda boldy. Täze ulag adaty awtoulaglardan tekerleriniň ýerleşişi we bir orunlyk kabinasy bilen tapawutlanýar. Bu barada «Gazeta.ru» neşirine salgylanyp, Turkmenportal habar berýär.
«Telufu GT5» elektrik trisikliniň iki tekeri öň tarapda, has uly ýekeje tekeri bolsa yzky böleginde ýerleşýär. Ulag adaty usulda açylýan iki gapy, iki sany daşky çyra we giň öň aýna bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kabinada diňe sürüji üçin bir orun göz öňünde tutulýar.
Ulagyň elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty 10 at güýjüne deňdir. Ol sagatda 70 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip bilýär. Elektrik energiýasy bilen işleýän bu ulagyň batareýasyny adaty elektrik rozetkasynyň üsti bilen zarýad bermek mümkin. Batareýany doly zarýadlamak üçin takmynan sekiz sagat gerek bolýar.
Habarda ulagyň Hytaýyň Şandun welaýatynyň Lini şäherindäki kärhanada öndürilýändigi bellenilýär. «Telufu GT5» modeliniň Hytaýda we Braziliýada bahasynyň takmynan 360 müň rus rubluna barabardygy habar berilýär.
Üç tekerli elektrik ulaglary şäher şertlerinde hereket etmek üçin niýetlenen ulaglaryň alternatiw görnüşleriniň biri bolup, olaryň aýratyn gurluşy we elektrik energiýasy bilen işlemegi bazarda özboluşly orun eýelemegine mümkinçilik döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.