Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany elektromotor bilen enjamlaşdyrylan, kuwwaty 1 153 at güýjüne ýetýän täze GT SUV elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Modeliň ABŞ-da 2027-nji ýylyň tomsunda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Kompaniýa awtoulagyň bahasyny häzirlikçe mälim etmedi.
The Verge neşiriniň habar bermegine görä, GT SUV — Mercedes-Benz kompaniýasynyň özbaşdak işläp taýýarlan ilkinji doly ölçegli krossoweridir. Täze model GT 53, GT 55 we GT 63 atly üç görnüşde hödürlener. Olaryň iň kuwwatlysy bolan GT 63 tizligini 0-dan 97 km/sagada bary-ýogy 2,4 sekuntda ýetirip bilýär.
GT 55 we GT 63 görnüşleri 128 kWt·s kuwwatly batareýa bilen üpjün edilip, 710 kWt-a çenli güýçde zarýad kabul etmäge ukyplydyr. Bu iki modelde üç sany elektromotor ýerleşdirilen: biri öňdäki okda, galan ikisi bolsa yzky okda. Energiýany tygşytlamak maksady bilen, öňdäki elektromotory öçürmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.
GT 53 görnüşinde bolsa iki elektromotor we 106 kWt·s kuwwatly batareýa ulanylýar.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, batareýany 10 göterimden 80 göterime çenli zarýadlamak üçin 12 minut ýeterlikdir. Zarýad bermegiň 10 minudynyň dowamynda GT 53 takmynan 380 kilometrlik, GT 55 we GT 63 bolsa 450 kilometre golaý ýol geçmäge mümkinçilik berýän energiýa toplap bilýär. GT 63 görnüşiniň bir gezekki zarýad bilen geçip biljek iň ýokary aralygy 700 kilometre çenli ýetýär.
Awtoulagyň içki bölüminde diagonaly 10,2 dýuým bolan sanly gurallar paneli we 14 dýuýmlyk merkezi ekran ýerleşdirilendir. MB.OS operasiýa ulgamy ChatGPT, Microsoft we Google kompaniýalarynyň emeli aň agentlerini goldar.
Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň aprelinde C-Class sedanynyň elektrik görnüşini, maý aýynda bolsa AMG GT elektrik awtoulagyny tanyşdyrypdy. Bu iki modeliň hem 2027-nji ýylyň başynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.