«Geely Holding Group» kompaniýalar topary 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 3 milliondan gowrak awtoulag satyp, täze netijäni gazandy. Bu döwürde toparyň satuwy 3,002 million awtoulaga deň boldy. Şeýlelikde, «Geely» kompaniýasynyň satuw görkezijisi «Audi» we «BMW» kompaniýalarynyň degişli döwürdäki umumy satuwyndan hem ýokary boldy.

Satylyan ulaglaryň 1,793 milliony energiýanyň täze çeşmelerinden peýdalanýan awtoulaglaryň, ýagny elektromobilleriň we gibridleriň paýyna düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim ýokarlandy. Şeýle ulaglar toparyň umumy satuwynyň 59,7 göterimini emele getirdi. Iň köp isleg bildirilýän modelleriň arasynda «Geely Monjaro», «Geely Atlas» we «Geely Preface» bar.

Toparyň düzümine girýän «Geely Automobile Holdings Limited» kompaniýasy hasabat döwründe 2,235 million awtoulag satdy. Şolaryň 1,326 milliony elektrikleşdirilen modeller boldy. Bu ugurdaky satuw geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14 göterim artdy.

Kompaniýanyň eksport görkezijilerinde hem düýpli ösüş hasaba alyndy. Ýanwar–sentýabr aýlarynda daşary ýurt bazarlaryna 797 670 awtoulag iberildi. Bu 2025-nji ýylyň degişli döwründäkiden 169 göterim köpdür. Eksporta iberilen ulaglaryň 484 086-sy energiýanyň täze çeşmelerinden peýdalanýan modeller boldy.

Aýratyn brendler boýunça «Geely China Star» 873 776 awtoulag, «Geely Galaxy» bolsa 877 184 awtoulag satdy. «Geely Galaxy» sentýabr aýynda hem 2026-njy ýyl üçin täze aýlyk satuw rekordyny goýdy. «Lynk & Co» brendiniň satuwy 196 117 awtoulaga deň boldy. Şol ulaglaryň 71,5 göterimini gibridler we doly elektrik energiýasy bilen işleýän modeller düzdi.

Deňeşdirmek üçin, berlen maglumatlara görä, «Audi» kompaniýasynyň 2026-njy ýyldaky satuwy takmynan 1,042 million awtoulaga deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,4 göterim azaldy. «BMW Group» 2026-njy ýylyň ilkinji üç çärýeginde dünýä bazarlarynda 1 707 799 awtoulag satdy. Bu 2025-nji ýylyň ýanwar–sentýabr aýlaryndaky görkezijiden 4,9 göterim pesdir.

«Volkswagen Group» kompaniýalar toparynyň satuwy bolsa 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda 6,011 million awtoulaga ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim azdyr.

Maglumatlar awtoulag bazarynda elektrikleşdirilen ulaglara bolan islegiň we halkara eksportyň «Geely» toparynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.