Jon Defterios «OGT 2026» halkara maslahatynyň baş moderatory bolar
1 min okamak2

🌍 Dünýä belli žurnalist we ykdysady synçy Jon Defterios «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) halkara forumynyň baş moderatory bolar. 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek çärä eýýäm 150-den gowrak halkara delegat gatnaşjakdygyny tassyklady.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly 31-nji Halkara konferensiýasyna we sergisine taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Ägirt ulyforum Aşgabat şäherinde 21–23-nji oktýabr aralygynda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda bolar.
Guramanyň beren maglumatyna görä, dünýä belli žurnalist, ykdysadçy synçy we moderator Jon Defterios bu abraýly pudaklaýyn forumyň baş halkara moderatory hökmünde çykyş eder.
Jon Defteriosyň bu wezipä bellenilmegi forumyň taýýarlyk tapgyryna gabat geldi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak delegat özleriniň gatnaşjakdygyny tassyklady, sergi meýdançalary dolulygyna doldy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) «OGT 2026» çäresiniň Baş hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy.
Jon Defterios dünýä ykdysadyýeti, energetika, halkara söwda we geopolitika ugurlary boýunça iň abraýly halkara žurnalistleriniň biridir. Ol köp ýyllaryň dowamynda «CNN Business» telekanalynyň ösüp barýan bazarlar boýunça baş halkara synçysy we redaktory bolup işledi. Öz iş tejribesinde döwlet baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, ministrler hem-de iri halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen köp sanly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Häzirki wagtda Jon Defterios Nýu-Ýork Uniwersitetiniň Abu-Dabidäki biznes professory we «APCO Worldwide» halkara konsalting kompaniýasynyň strategik geňeşçisi bolup işleýär.
Belli bilermeniň gatnaşmagy forumyň halkara derejesini has-da berkidip, maslahatda geçiriljek ara alyp maslahatlaşmalaryň ýokary hünär derejesinde üpjün edilmegine oňat täsir eder.
Jon Defterios Aşgabatdaky mejlise gatnaşjakdygy barada belläp, Türkmenistanyň sebit we dünýä energetika ulgamynda möhüm strategik orun eýeleýändigini, ýurdumyzyň uly serişde binýadyna we öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga daýanýandygyny nygtady.
TürkmenistanEnergiýaAşgabatEnergetikahalkara hyzmatdaşlygyOGT 2026Türkmenistanyň nebiti we gazyJon Defterioshalkara konferensiýahalkara sergiSOCARnebit we gazenergetika forumyAPCO WorldwideNýu Ýork Uniwersiteti Abu Dabi






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.