
Jemile Gaipowa, Kerki etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi: Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpelerine bilim we terbiýe berýän bilim işgärleriniň öňünde türkmeniň milli ruhuna, şol bir wagtyň özünde-de döwrüň talabyna laýyk nesli terbiýelemek esasy wezipe bolup durýar. Aýratyn hem, körpeleriň sözleýiş dilini ösdürmäge esasy wezipeleriň biri hökmünde seredilýär. Şonuň üçin-de, körpeleriň sözleýiş dilini ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Olaryň sözleýşiniň kämil bolmagy üçin sözleýşi ösdürmek, çeper edebiýat sapaklaryny döwrüň talabyna laýyk işjeň usullarda guramak uly ähmiýete eýedir. Terbiýeçiniň, mugallymyň sözleýiş dili näçe baý, medeniýetli, çeper, hoş owazly bolsa, çaganyň hem dil baýlygy şol esasda kämilleşýär. Çaga terbiýeçiniň, mugallymyň sözleýşine örän üns berýär. Olar daştöweregindäkilere, ata-enesine, ululara öýkünip, dogry sözleýşiň düzgünlerini, sözleýiş medeniýetini tiz kabul edýärler. Biz durmuşda, iş tejribemizde çagalaryň öýde öz terbiýeçisine öýkünip, gurjaklary bilen gyzykly sapaklary guraýandygyny ata-enelerden ýygy-ýygydan eşidýäris. Çagalaryň sözleýiş dilini, dil baýlygyny ösdürmegiň kämil usullarynyň biri-de, halk döredijiligi eserlerinden peýdalanmakdyr. Halk döredijiliginiň dürli görnüşleri az sözde köp many bermek bilen, çeper sözler arkaly durmuş hakykatyny özünde şöhlelendirýär. Körpelere gündelik sapaklarda ertekileri, mataldyr tapmaçalary, sanawaçlary, ýňyltmaçlary öwretmeli. Şonuň esasynda çaga baha berip, ony höweslendirip durmaly. Körpäniň sözleýşindäki kemçiligi wagtynda tapmakda hem-de ony düzetmekde çaga itergi bermek çagalar bagynyň terbiýeçi-mugallymlary üçin iň möhüm işleriň biridir. Çagalar bakja-baglarynda körpeleriň sözleýiş dilini ösdürmek terbiýeçiniň, mugallymyň borjudyr. Halk döredijiliginiň ertekiler görnüşi çagalar üçin has gyzyklydyr. Ertekileriň üsti bilen çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde, ilki bilen, ertekileriň ähmiýeti barada çagalara, öz ýaş aýratynlyklaryna görä, gysgaça düşünje bermek ýerlikli bolar. Ertekilerde ynsan keşpleri bilen bir hatarda, dürli haýwanlaryň, ösümlikleriň, hyýaly janly-jandarlaryň keşbiniň hem bolýandygyny düşündirmelidir. Çagalar şeýlelik bilen, ertekileriň gyzykly dünýäsine aralaşýarlar. Ertekileriň üsti bilen çagalaryň sözleýiş dilini, dil baýlygyny ösdürmekde birnäçe usullardan peýdalanýarys. Olaryň birinjisi çagalara türkmen edebi dilinde ertekini gürrüň bermegi öwretmekdir. Terbiýeçi ertekini düşnükli edip okap, gürrüň bermelidir. Ikinji usul bolsa körpeler bilen erteki barada sowal-jogap alyşmak usulydyr. Sowal-jogabyň üsti bilen ertekiniň mazmuny has-da aýdyňlaşýar. Şu ýerde çagalaryň her biriniň edebi sözleýşe bolan ukyby, zehini, başarňykyndyklary döreýär we ýüze çykýar. Çagalary ertekidäki hadysalaryň diňe bir daşky tarapy däl, hatda olaryň manysy, sebäbi-de gyzyklandyrýar. «Näme üçin?», «Nämeden ýasalypdyr?», «Şu näme üçin gerek?» we şuňa meňzeşler çagalaryň adaty sowallary bolup, terbiýeçi çaganyň sözleýiş dilini ösdürmek üçin onuň bilesigelijiligini goldamalydyr. Mümkin boldugyça, terbiýeçi çaganyň sowallaryny jogapsyz galdyrmazlyga çalyşmalydyr. Ertekileri sahnalaşdyryp öwredeniňde, çagalar oňa uly höwes bilen gatnaşýarlar. Keşbe girip ýerine ýetirmegi öwretmek bilim-terbiýe bermekde, sesleri dogry aýdyş endiklerini kämilleşdirmekde, söz baýlygyny ösdürmekde gerekli hem peýdaly usuldyr. Ertekileriň üsti bilen çagalaryň diňe bir sözleýiş dili ösdürilmän, eýsem, körpelerde ahlak sypatlary, gowy gylyk-häsiýetleri hem terbiýelemek bolar. Ertekilerdäki haýwanlaryň häsiýetini mysal getirip, ejize ganym bolmaly däldigini, tilki ýaly mekir, aldawçy bolmaly däldigini, dostuň üstünden gülmeli däldigini, özüňden ulularyň aýdanyny etmeli digini düşündirmeli. «Çöregyň bala öwrülişi» diýen ertekiniň üsti bilen körpelerde zähmet çekmäge höwes döretmeli, «Garynja we kepderi» atly ertekiniň üsti bilen dostlukly gatnaşyklary, «Şärikli ekin» diýen ertekiniň üsti bilen halal zähmet çekmäge höwesi terbiýelemeli. Ertekileriň üsti bilen çagalarda zähmet çekmäge höwesi, ululara kömek bermek, ata-enä hormat goýmak ýaly asylly sypatlary terbiýelemek bolar.
Keywords