
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygynda ýurduň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, «ýaşyl başarnyklary» ornaşdyrmak we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. CAREC maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan bu gatnaşyklar, Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Duşuşygyň dowamynda hünär-tehniki we ýokary bilim ulgamynda ekologiýa taýdan durnukly ykdysadyýete geçmek üçin täze hünär endiklerini ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu çäreleriň milli institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmäge hem-de dürli pudaklar üçin «ýaşyl başarnykly» tehnologiki hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu işe işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy üçin ýaşyl tehnologiýalar boýunça akademiki kurslary taýýarlamakdaky oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy.
Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew häzirki wagtda bilim ulgamynda ornaşdyrylýan sanly platformalary tanyşdyryp, bu işleriň Merkezi Aziýada klimatik tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlar bilen sazlaşýandygyny belledi.
AÖB-niň wekilleri Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky sanlylaşdyryş işlerine ýokary baha berip, bilimler ykdysadyýeti üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, syýahatçylyk pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri kemala getirmek hem-de mugallymlaryň we hünärmenleriň halkara sertifikatlaşdyryş işlerini dowam etdirmek arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdiler.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar CAREC maksatnamasynyň çäklerinde täze taslamalary durmuşa geçirmäge we bähbitli başlangyçlary giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Keywords