
Mekdeplerde geografiýa dersiniň okatmagy diňe bir ýer şarynyň gurluşyny ýa-da tebigy aýratynlyklaryny öwretmek bilen çäklenmeýär. Bu ders ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynda ene topraga bolan gyzgyn söýgini döretmekde, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek medeniýetini kemala getirmekde esasy gural bolup hyzmat edýär. Geografiýa sapaklarynda okuwçylara geografik koordinatalar ýaly arassa ylmy düşünjeler berilmek bilen bir hatarda, pähimli nakyllaryň we durmuşy mysallaryň üsti bilen ekologiýa terbiýesi hem utgaşykly gurulmalydyr.
Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Oguljeren Ilmyradowanyň bellemegine görä, sapakda okuwçylaryň ünsüni çekmek we olaryň işjeňligini artdyrmak mugallymdan hemişe döredijilikli gözlegleri talap edýär. Mugallym, ilkinji nobatda, geçilýän temanyň mazmunyny durmuş bilen baglanyşdyrmagy başarmalydyr.
Sapaklaryň döwrebap usullar bilen guralmagy okuwçylara geografiýa dersinden alýan bilimleriniň diňe bir synp otagynda galmajakdygyny, eýsem gündelik durmuşda, tebigaty goramakda we ekologik durnuklylygy üpjün etmekde iň zerur maglumatlardygyny aýdyň görkezýär. Şeýle çemeleşme ýaşlaryň dünýägörüşini giňeldip, olaryň daşky gurşawyň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny has-da berkidýär.
Keywords