Portugaliýaly futbol ýyldyzy Kristiano Ronaldo täze mineral suw brendini döretmek taslamasyna 10 million ýewro maýa goýdy. Ol bu taslamanyň «Grupo Outeirinho» kompaniýasy bilen bilelikdäki eýeleriniň biri boldy. Bu barada «SIC Notícias» habar berýär.

Taslama «Grupo Outeirinho» kompaniýasy hem 10 million ýewro maýa goýdy. Şeýlelikde, önümçiligi ýola goýmak üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň umumy möçberi 20 million ýewro deň boldy. Ronaldonyň paýyna umumy maýa goýumlarynyň 50 göterimi düşýär.

Häzirki wagtda Portugaliýanyň Bragansa sebitindäki Goşteý ilatly ýerinde mineral suw öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Desganyň gurluşygyny tamamlamak we önümleri 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Portugaliýanyň hem-de halkara bazarlaryna çykarmak meýilleşdirilýär.

Täze brendiň dizaýnyny Italiýanyň dizaýnerlik kompaniýasy taýýarlaýar. «Grupo Outeirinho» kompaniýasynyň maglumatyna görä, taslamanyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi netijesinde onlarça täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Kompaniýa Portugaliýanyň suw bazarynyň 45 göterimine eýedigini hem belleýär.

Kristiano Ronaldo mundan ozal hem mineral suw önümçiligi bilen bagly taslama gatnaşypdy. Ol 2023-nji ýylyň iýun aýynda Madridde tanyşdyrylan «Ursu9» mineral suw brendiniň hem bilelikdäki eýeleriniň biri bolupdy.