Günorta-Gündogar Aziýada ösýän özboluşly sitrus miweleriniň biri bolan kumkuat kiçi göwrümi bilen tapawutlanýar. Ol ululygy boýunça igdä çalym edýär. Daşky görnüşi pyrtykala meňzeýän kumkuat köplenç ýumurtga şekilli, biraz süýnmek görnüşde bolýar.
«Altyn pyrtykal» diýen manyny aňladýan kumkuatyň ilkinji gezek Hytaýda ösdürilip ýetişdirilendigi barada maglumatlar bar. XIX asyryň ortalarynda, takmynan 1850-nji ýyllarda, bu miwe Ýewropa ýurtlaryna getirilip başlanýar. Soňra onuň Demirgazyk Amerikada hem ösdürilip ýetişdirilmegi ýola goýulýar.
Kumkuatyň birnäçe görnüşi bar. Olaryň arasynda Nagami we Meiwa görnüşleri has giň ýaýrandyr.
Nagami kumkuaty esasan ABŞ-da ösdürilip ýetişdirilýär. Ol uzynrak görnüşli bolup, beýleki görnüşlere garanyňda biraz turşumtyl tagamly bolýar.
Meiwa kumkuaty bolsa, esasan, Hytaýda ösdürilýär. Bu görnüşiň miweleri has tegelek bolup, tagamy Nagamiden has süýjüdir.
Kiçi göwrümine garamazdan, kumkuat özboluşly daşky görnüşi we sitruslara mahsus tagamy bilen tapawutlanýan miweleriň biridir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.