Lebap sement zawodynda önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen täze önümhana işe girizildi. Bu barada Lebap.biz saýty habar berýär.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty zawodyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda zawodda ýylda 2 million tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik bar. Kärhanada S-400 we S-500 kysymly portland sement, duza durnukly sement we klinker ýaly önümler öndürilýär.

Täze işe girizilen önümhanada bolsa polipropilen haltalary öndürilýär. Bu önümçilik bölüminiň döredilmegi sement önümlerini gaplamak boýunça zerurlyklary içerki mümkinçilikleriň hasabyna üpjün etmäge şert döredýär.

Lebap sement zawodynda önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we täze önümhanalaryň döredilmegi kärhananyň kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny zerur önümler bilen üpjün etmäge hem ýardam berýär.