Aşgabatda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Kataryň daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýhi gatnaşdy.
Duşuşygyň esasy meseleleriniň hatarynda ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlary guramak, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak boldy.
Diplomatlar Aşgabat bilen Dohanyň öňüni alyş diplomatiýasy, özara hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine ygrarlydygyny tassykladylar.
Geňeşmeleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar Bilelikdäki hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmek hem-de işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen birnäçe işewürlik forumyny geçirmek barada ylalaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, sanlylaşdyrma we syýahatçylyk görkezildi. Şeýle hem iki ýurduň Medeniýet günlerini özara geçirmek we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen syýasy geňeşmeler Türkmenistan bilen Kataryň arasynda syýasy dialogy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyrmak boýunça möhüm ädim boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.