«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleri Mary we Lebap welaýatlarynda ýerasty suwlaryň gorlaryny öwrenmek we artdyrmak boýunça işlerini dowam etdirýärler. Bu işler sebitleriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ekspedisiýanyň gidrogeologlary we geologlary iki welaýatyň çäklerinde ýerasty suw ýataklaryny gözleýärler, olaryň gorlaryny hasaplaýarlar hem-de suwlaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýärler. Şeýle hem ýerasty we ýerüsti suwlaryň, topragyň ekologiki ýagdaýyny öwrenmek boýunça gidrogeologiki, ekologiki we inžener-geologiki barlaglar geçirilýär.

Häzirki wagtda Mary welaýatynyň birnäçe meýdançalarynda, şol sanda Tarymlyk, Sakarçäge, Peşanaly, Murgap, Töreşyh, Tarhan, Kelçe, Gündogar Baýramaly, Täze oba we Sandykgaçy ýerlerinde, Lebap welaýatynyň Jynlygum, Zähmetkeş, Tahyrbaý we Narazym meýdançalarynda burawlaýyş we gözleg işleri alnyp barylýar. Bu ýerlerde agyz suwlarynyň we bejeriş ähmiýetli mineral suwlaryň ýataklaryny ýüze çykarmak, öwrenmek hem-de gorlaryny kesgitlemek maksat edinilýär.

Ekspedisiýa beýleki kärhanalaryň buýurmalary esasynda Ahal we Balkan welaýatlarynda hem tehniki maksatlar üçin ýerasty suwlary öwrenmek boýunça işleri ýerine ýetirýär. Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözlegleri hem dowam etdirilýär.

Ekspedisiýanyň işgärleri önümçilik tabşyryklaryny ýokary netijeler bilen ýerine ýetirmekde zähmet çekýärler. Gidrologlar Gözel Allamyradowa, Ylýas Baýramalyýew, Döwlet Bäşimow, Mälik Hanmämmedow hem-de buraw ussalary Döwran Annaýew, Bäşim Güýjow we Serdar Orazow önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagyna öz goşantlaryny goşýarlar.

Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Amangylyç Çaryýewiň bellemegine görä, döwrebap tehnologiýalaryň we täze enjamlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şu ýyl kärhana Hytaýda öndürilen, 200–300 metr çuňlukdaky guýulary burawlamaga niýetlenen iki sany täze buraw enjamyny aldy.

2026-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda meýilleşdirilen 4400 metr sütünleýin mehaniki buraw işiniň deregine 16 054 metr buraw işiniň ýerine ýetirilmegi ekspedisiýanyň ýokary önümçilik netijelerini görkezýär. Şeýlelikde, degişli meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi. Şertnamalaýyn işler boýunça bolsa 2411 metr burawlandy.

Ekspedisiýa ýylyň ahyryna çenli ähli önümçilik görkezijileri boýunça bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýär.