Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke bedewlerine bagyşlanan giň gerimli atçylyk-sport çäreleri başlandy. Bu çäreleriň çäginde dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň bilelikde guramagynda «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilýär.
Halkara gözellik bäsleşiginiň ilkinji tapgyrlarynda bir ýaşdan dört ýaşa çenli bolan ahalteke bedewleri hünärmenlerden düzülen eminler toparynyň öňünde görkezildi. Bäsleşige gatnaşyjy atlara olaryň beden gurluşynyň sazlaşygy, daşky görnüşi, syraty we däp bolan şaý-sepleri nazara alnyp baha berilýär.
Eminler ilkinji tapgyrlaryň netijelerini jemläp, dürli ýaş toparlarynda öňe saýlanan bedewleri kesgitlemäge başladylar.
Iki ýaşar ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde gözel syraty bilen tapawutlanan Meledag çempion diýen ada mynasyp boldy.
Niderlandlarda geçirilen bu halkara bäsleşigi ahalteke atlarynyň gözelligini, özboluşlylygyny we milli atşynaslyk däplerini Ýewropa giňişliginde giňden wagyz etmekde möhüm çäreleriň biri boldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.