Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygy Timur Işmetow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maýa goýumlary çekmekde aýratyn bazarlar hökmünde däl-de, bitewi ykdysady giňişlik hökmünde çykyş etmeginiň has netijeli boljakdygyny aýtdy. Bu barada Financial Times neşiriniň maglumatlaryna hem-de Gazeta.uz tarapyndan çap edilen habarlarda agzalýar.
Timur Işmetowyň aýtmagyna görä, sebit ýurtlarynyň ykdysady syýasatlaryny has ýakyndan utgaşdyrmagy we açyk söwda giňişligini döretmegi Merkezi Aziýanyň halkara maýadarlar üçin özüne çekijiligini artdyryp biler.
Sebitiň ilatynyň ýakyn ýyllarda 100 milliondan geçmegine, umumy ykdysady kuwwatynyň bolsa geljekde 1 trillion dollara ýetmegine garaşylýar. Bu görkeziji Merkezi Aziýany iri halkara maýa goýumlary üçin uly bazarlaryň birine öwrüp biler.
Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygy sebit ýurtlarynyň arasynda goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gowulaşmagynyň ykdysady ösüşe oňyn täsir edýändigini hem nygtady. Onuň pikiriçe, umumy bazaryň kemala getirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.