Müsürde Sues kanalyna ugurdaş ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Täze demir ýol Gyzyl deňiz bilen Ortaýer deňziniň arasyndaky ýük we ýolagçy gatnawlaryny ösdürmäge, şeýle hem ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Taslamanyň birinji tapgyrynyň çäklerinde uzynlygy 660 kilometre barabar demir ýolunyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Ol Gyzyl deňziň kenaryndaky Aýn Sohna portuny Müsüriň täze paýtagtynyň üsti bilen Ortaýer deňziniň kenaryndaky Aleksandriýa we Marsa Matruh portlary bilen birleşdirer.

Bu başlangyç umumy uzynlygy 2 müň kilometre ýetjek we ýurduň köp bölegini öz içine aljak has giň gerimli taslamanyň ilkinji tapgyry bolar. Taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen Müsürde ýokary tizlikli we elektrikleşdirilen demir ýol ulgamy kemala geler.

Täze ulag ugrunyň ulanmaga berilmegi portlaryň arasyndaky logistik mümkinçilikleri giňeltmäge, ýolagçylaryň gatnawyny ýeňilleşdirmäge we ýurduň dürli sebitleriniň ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga ýardam edip biler.