Serdar Garabaýew, Köneürgenç etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy: Türkmen dilini okatmakda döwrebap usullary we sanly tehnologiýalary ulanmak okuwçylaryň bilimleri netijeli özleşdirmegine, söz baýlygyny artdyrmagyna hem-de nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ene dilini halkyň ruhy dünýäsini, medeniýetini we durmuş tejribesini şöhlelendirýän gymmatlyk hökmünde öwretmek onuň baýlygyny we arassalygyny geljekki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen dili sapaklarynda öwrenilen maglumatlaryň okuwçylaryň aňynda uzak wagtlap saklanmagy üçin dürli işjeň usullardan peýdalanmak bolýar. Şolaryň biri hem morfologik awtomatlaşdyrma usulydyr. Bu usul okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, sözleriň düzümine we goşulmalaryň ulanylyşyna aýratyn üns bermäge ýardam edýär.

Morfologik awtomatlaşdyrma usulynda mugallym okuwçylara bir asyl sözi hödürleýär. Okuwçylar şol söze yzygiderli goşulmalary goşup, täze söz görnüşlerini döredýärler we ahyrynda olary sözlemde ulanýarlar. Netijede, okuwçylar türkmen diliniň goşulmalar arkaly söz ýasamak we grammatik manylary aňlatmak aýratynlyklaryny, ýagny agglýutinatiw gurluşyny yzygiderli özleşdirýärler.

Bu usul okuwçylaryň söz baýlygyny ösdürmek, sözleriň gurluşyna düşünmek, grammatik kadalary amalda ulanmak we özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähmiýetlidir. Şeýle hem ol okuwçylaryň dil bilimlerini diňe bir nazary taýdan däl, eýsem, gündelik gepleşikde we ýazuw işlerinde hem dogry ulanmagyna şert döredýär.

Türkmen dilini okatmakda döwrebap we işjeň usullaryň yzygiderli ulanylmagy sapaklaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de ene diliniň aýratynlyklaryny has çuňňur özleşdirmäge ýardam berýär.