Tä­sin mi­we­le­riň sa­na­wy do­wam ed­ýär. Ýa­po­ni­ýa­da, Hy­taý­da we Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­gar se­bi­tin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu­şu­kan mi­we­si os­mi­no­ga meň­zeş daş­ky gör­nü­şi bi­len hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bar­ma­ga meň­zeş uzyn ösünt­gi­le­ri bo­lan bu mi­we yl­my dil­de «Cit­rus me­dica var. sarcodacty­lis» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.

Ata Wa­ta­ny Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ha­sap­lan­ýan bu mi­we halk ara­syn­da «Bud­da­nyň eli» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Mi­wä­niň uzyn­ly­gy 15-30 san­ti­met­re, ag­ra­my 450 gra­ma çen­li ýet­ýär. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 300-nji ýyl­da tä­sin mi­we Ri­me ge­ti­ri­lip­dir. Bi­ler­men­ler os­mi­no­ga meň­zeş mi­wä­niň şol dö­wür­ler iň gym­mat mi­we bo­lan­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Se­bä­bi beý­le­ki sit­rus mi­we­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, bu­şu­kan­da süýüm we şi­re ýok, iç­ki bö­le­gi hem ajy däl. Bu bol­sa, mi­wä­niň tu­tuş­ly­gy­na iý­lip bi­lin­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Hoşboý ysly miwe çigligine iýilmek bilen bir hatarda, atyr ýasamakda, lukmançylykda we aşpezçilikde peýdalanylýar. Bu miweden meşhur süýjülikler, desertler, içgiler we marmelad taýýarlanylýar. Aziýa ýurtlarynda «Buddanyň eli» miwesi bagt we uzak ömür dilemegiň alamaty bolup, sowgat hökmünde berilýär. Maglumatlara görä, Gadymy Hytaýda adamlar bu miwäniň gabygyny ys beriji hökmünde ulanyp, ýuwlan egin-eşikleriniň arasyna goýupdyrlar.

Häzirki wagtda Gündogar Aziýadaky daýhanlar bu miwäni alty görnüşde tapawutlandyrýarlar. Sary miweli limon agajyna meňzeş gyrymsy agaçda bitýär. Ak gül açýan bu agaç ýyly we çygly howada bitýär. Ekzotik miwe güýzüň ahyrynda ýa-da gyşyň başynda ýetişýär. Gyşda we ýazda bazarlarda elýeterli bolan buşukan barmaklar açylýan ýaly görnüşe gelýär.