
Şahnoza Jumaýewa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy: Milli senetçiligimiziň ajaýyp görnüşleriniň biri bolan keçeler has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Halkymyz gündelik durmuşynda keçe we keçe önümlerinden örän işjeň peýdalanypdyr. Biziň eýýamymyzdan öň V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodotyň işlerinde hem bu barada durlup geçilýär.
Keçeleriň döreýiş taryhy gadymy bolşy ýaly, olaryň taýýarlanylyş usuly-da diýseň üýtgeşik, täsirli. Her bir keçe özboluşlylygy, möçberi, hili, nagyşlary arkaly tapawutlanýar. Keçe diňe goýun ýüňünden edilýär. Goýunlaryň ýaz paslynda gyrkylan ýüňi süýüm taýdan uzyn bolýar.
Ene-mamalarymyz keçe basyljak ýüňi serip, mazaly arassalapdyrlar. Olara tebigy boýaglar arkaly dürli reňkleri beripdirler. Ýaz ýüňi reňki gowy alýar. Esasan hem, ol gül etmek üçin ulanylýar. Jeýhun boýlarynda keçä, esasan, «tärimgözenek», «tazyguýruk», «çarhypelek», «buruk», «sekizkeşde» ýaly nagyşlar salynýar.
Keçäniň reňkini açmak üçin basylan wagty sabyn çalynýar. Şonda keçeler berk hem owadan bolýar. Keçe basylanda, gamyş ýazylan ýer tekiz bolmaly. Ilki gamşyň ýüzüne inçe süýümlerden gül çekmeli, soňra ýogyn görnüşdäki süýümler bilen içini doldurmaly. Keçäniň ähli işleri edilensoň, gamşy usullylyk bilen iki tarapyny deň we göni edip, içine ýel düşürmän, berk daňmaly. Endigan düýrlenilen keçäniň iki gapdalyndan suw guýlup, 1-2 sagatlap çekilýär. Haçan-da gamyş jygyldap, gowşap başlasa, keçäniň çekilip bolandygyny aňladýar. Keçe çekilip durka, suw guýup durmaly. Şondan soň zenanlarymyz bilekleri bilen keçäni basmaga durýarlar. Basymy ýetmedik keçe çalt tozýar. Tomsuň yssy howasynda basylan keçeler gowy hilli bolýar. Ýüň keçeler saglyk üçin hem peýdalydyr.
Keywords