Özbegistan Aýy, Marsy, kometalary we asteroidleri parahatçylykly maksatlar üçin öwrenmekde hem-de peýdalanmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerini kesgitleýän «Artemida» ylalaşyklaryna goşuldy. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Resminama 19-njy oktýabrda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesinde Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekildi.
Şeýlelikde, Özbegistan «Artemida» ylalaşyklaryna goşulan 77-nji döwlet boldy.
Bahtiýor Saidowyň bellemegine görä, bu halkara başlangyjyna gatnaşmak Özbegistana ABŞ-nyň Milli aeronautika we kosmos giňişligini öwrenmek müdirligi (NASA), şeýle hem ylalaşyga gatnaşyjy beýleki ýurtlaryň kosmos agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar.
Ylalaşyk milli hünärmenleri taýýarlamak we kosmos tehnologiýalaryny geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem şert döreder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.