Özbegistanyň milli futbol ýygyndysy taryhy üstünlik gazandy – ýygyndy ilkinji gezek Dünýä çempionatynyň final tapgyryna çykdy. Birleşen Arap Emirlikleriň ýygyndysyna garşy geçen iň soňky saýlama duşuşygy 0:0 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Bu netijäniň özi-de Dünýä çempionatyna çykmak üçin ýeterlik boldy.
Şeýlelikde, Özbegistan futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşjak Merkezi Aziýadan ilkinji ýurt boldy.
2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionaty iýun aýynda başlar we ilkinji gezek üç ýurtda geçiriler:
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda
Kanadada
Meksikada
Bu çempionatda jemi 48 milli ýygyndy gatnaşar. Özbegistanyň ýygyndysy bu derejä ilkinji gezek çykyp, Aziýa futbolynyň taryhyna täze sahypa goşdy.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.