Türkmenistanyň ýygyndysy Ýaponiýanyň Nagoya şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy. Karateçi Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

22 ýaşly türgen Balkanabat şäheriniň wekili bolup, bu agram derejesinde medallar ugrunda 10 karateçi bäsleşdi.

Dawut Nazmyradow ýaryşyň çärýek finalynda Gyrgyzystanyň wekili Nazim Nurlanowy 7:2 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda siriýaly Fawaz Bani Al-Mardjeh bilen geçirilen duşuşygyň esasy wagty golsuz deňlik bilen tamamlandy. Kazyýetleriň karary bilen ýeňiş Türkmenistanyň wekiliniň peýdasyna berlip, ol finala çykdy.

Altyn medal ugrunda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda Dawut Nazmyradow eýranly Morteza Nemati bilen çekeleşikli göreşip, 3:4 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, türkmen karateçisi Aziýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy.

Bu agram derejesinde Morteza Nemati altyn medala eýe boldy. Gazagystanyň wekili Nurkanat Ažikanow bilen Siriýanyň türgeni Fawaz Bani Al-Mardjeh bürünç medallary gazandylar.

Dawut Nazmyradowyň halkara arenasyndaky üstünlikleri

Dawut Nazmyradow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň 18–24 ýaş aralygyndaky karateçileriniň arasynda geçirilen milli çempionatda ýeňiş gazanyp, özüni giňden tanatdy. Şol ýyl ol Berlinde geçirilen Banzai International Cup halkara ýaryşynda we Çehiýanyň Pardubise şäherindäki dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda birnäçe medal gazandy.

2024-nji ýylda türkmen karateçisi Manilada (Filippinler) geçirilen ýaşlar arasyndaky Aziýa çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda bürünç medal eýeledi. Şeýle hem şol ýyl Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen ulular arasyndaky Aziýa çempionatynda üçünji orna mynasyp boldy.

Mundan başga-da, Nazmyradow Özbegistanyň Ürgenç şäherinde geçirilen Uzbekistan Open ýaryşynda we Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandy.

Nagoyada gazanylan kümüş medal Türkmenistanyň milli karate mekdebiniň Aziýa oýunlaryndaky yzygiderli çykyşlarynyň dowamydyr. Mundan üç ýyl ozal Hançžouda geçirilen XIX Aziýa oýunlarynda Baýry Baýryýew 67 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanypdy.

Türkmenistanyň beýleki türgenleriniň çykyşlary

Nagoyada dowam edýän Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň wekilleri sportuň birnäçe görnüşinde çykyşlaryny dowam etdirýärler.

Uşu-sanda boýunça Türkmenistanyň düzümindäki bäş türgeniň hemmesi ýaryşdaky çykyşlaryny tamamlady. Olaryň arasynda iň gowy netijäni Merjen Joraýewa görkezdi. Ol 60 kilograma çenli agram derejesinde 1/8 finalda nepally Rita Takullany 2:0 hasabynda ýeňip, çärýek finalda wýetnamly Nguýen Thi Thu Thuýa bilen geçirilen duşuşykda ýeňildi.

Bibimeryem Akmuhammedowa, Muhammet Jumamyradow we Hezret Owezgeldiýew hem 1/8 final tapgyrynda ýaryşdan çykdylar. Baýrammyrat Annamaýadow bolsa çärýek finalda Indoneziýanyň wekili Gitar Bintang Reindra Nade bilen geçirilen duşuşykda ýeňildi.

Boks boýunça Aziýa oýunlarynda Türkmenistana bäş türgen wekilçilik edýär. Olaryň dördüsi deslapky tapgyrda çykyşlaryny tamamlady. Baýramdurdy Nurmuhammedow, Döwlet Muhanow, Daniýar Rozmetow we 19 ýaşly Abdyrahman Yklymow öz duşuşyklarynda ýeňlişe sezewar boldular.

Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndysyndan Döwlet Islamow 25-nji sentýabrda 90 kilogramdan ýokary agram derejesinde Gyrgyzystanyň wekili Myrzakyr Koşaliýew bilen duşuşar.

Ýüzüjiler hem çykyşlaryny dowam etdirýärler

Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen ýüzüjileri Waleriýa Mirenskaýa, Dawid Akopýan we Alan Muhin hem birnäçe ýaryşda öz güýçlerini synadylar.

19 ýaşly Waleriýa Mirenskaýa 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzüşde 2:43,30 wagt görkezip, 23 türgeniň arasynda 21-nji orny eýeledi. Ol 100 metr erkin usulda 1:03,50 netije bilen 35 türgeniň arasynda 29-njy, 50 metr erkin usulda bolsa 29,11 sekunt netije bilen 35 türgeniň arasynda 28-nji boldy.

Dawid Akopýan 100 metr brass boýunça 1:04,72 netije bilen 36 türgeniň arasynda 26-njy orny eýeledi. Ol 100 metr kebelek usulynda 56,26 sekunt, 50 metr kebelek usulynda bolsa 24,89 sekunt netije görkezdi.

15 ýaşly Alan Muhin hem 50 metr kebelek usulyndaky ýaryşa gatnaşyp, 35-nji orny eýeledi. Ol mundan öň 100 metr erkin usulda 53,69 sekunt, 50 metr erkin usulda bolsa 23,91 sekunt netije görkezdi.

Alan Muhin Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny tamamlady. Waleriýa Mirenskaýa bilen Dawid Akopýan 25-nji sentýabrda ýaryşlaryň soňky tapgyrlaryna gatnaşarlar.

Agyr atletikada Ogulşat Amanowa dokuzynjy boldy

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde dört türgen çykyş edýär. Ilkinji bolup ýaryş meýdançasyna 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iki gezek dünýä çempiony bolan Ogulşat Amanowa çykdy.

53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni siltermede 88 kilogram, iteklemede 103 kilogram göterip, iki görnüşiň jeminde 191 kilogram netije bilen 13 türgeniň arasynda dokuzynjy orny eýeledi.

Bu agram derejesinde altyn medaly Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň wekili Kan Hýon Gýon 223 kilogram netije bilen gazandy. Hytaýly Çžao Szinlan 218 kilogram bilen kümüş, Taýlandly Surodçana Hambaо bolsa 214 kilogram bilen bürünç medal eýeledi.

Öňümizdäki günlerde Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça wekilleri hem Nagoyadaky Aziýa oýunlarynda çykyş edip başlarlar. Ilkinji bolup 100 metr aralyga 26 ýaşly Lukman Gurbangurbandurdyýew bilen 2008-nji ýylda Pekinde we 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Walentina Meredowa çykar.

Walentina Meredowa 29-njy sentýabrda Nagoya şäherinde 42 ýaşyny doldurar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň Aziýa oýunlaryndaky çykyşlary dowam edýär.