Türkmenistanyň milli ýygyndysy Ýaponiýanyň Nagoiýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyşlara başlady. Aziýanyň iri sport forumyna 45 ýurtdan 10,8 müň töweregi türgen gatnaşyp, sportuň 43 görnüşi boýunça 469 medal toplumy ugrunda bäsleşýär.

Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny wuşu boýunça sport ussalygyna dalaşgär Muhammet Jumamyradow «Paloma Mizuho» stadionynda alyp çykdy.

Türkmenistanyň milli wekiliýetiniň düzüminde jemi 57 adam bar. Olaryň 34-si sportuň sekiz görnüşi boýunça ýurduň sport abraýyny gorap çykyş edýär. Türkmen türgenleri boks, sport göreşi, karate, kuraş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we wuşu boýunça bäsleşýärler.

Ýaryşyň ilkinji günlerinde türkmen türgenleri birnäçe netijeleri gazandylar.

Wuşu-sanda: 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Merjen Joraýewa çärýek finala üstünlikli geçdi. Ol Nepaldan Rita Takullany 2:0 hasabynda ýeňdi.

Karate: 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Raýan Gurbanmyradow ilkinji duşuşygynda filippinli Jon Kristian Laçikany 6:1 hasabynda ýeňdi. Emma çärýek finalda Malaýziýanyň türgeninden asgyn geldi.

Suwda ýüzmek: 15 ýaşly Alan Muhin 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça saýlama ýaryşynda 23,91 sekunt netije bilen öz ýüzüşinde birinji boldy. Umumy hasapda ol 29-njy orny eýeledi. Dawid Akopýan hem 100 metr aralyga brass usulynda geçirilen saýlama ýüzüşinde 1:04,72 wagt bilen öz toparynda birinji bolup, jemleýji sanawda 26-njy ýeri eýeledi.

Boks: Öňki Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Baýramdurdy Nurmuhammedow 70 kilograma çenli agram derejesinde Bahreýniň wekili Ali Abdalladan eminleriň bölünen çözgüdi bilen 1:4 hasabynda ýeňildi.

Nagoiýada geçirilýän Aziýa oýunlary 4-nji oktýabra çenli dowam eder. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň göreş, agyr atletika we ýeňil atletika boýunça wekilleri hem medallar ugrunda bäsleşige goşular.