2026-njy ýylda Özbegistana Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip, takmynan 72 müň tonna nebit iberildi. Nebit deňiz we demir ýol ulaglary arkaly daşalyp, Özbegistanyň iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň biri bolan Buhara nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ýetirilýär.

«Sputnik Özbegistan» neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň söwda we marketing bölüminiň başlygy Rustam Rejepow ulag-logistika işleriniň guralyşy barada gürrüň berende mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, nebit ilki deňiz ulagy arkaly Türkmenistanyň halkara deňiz portuna getirilýär. Soňra çig mal ýöriteleşdirilen demir ýol sisternalaryna ýüklenýär we otly düzümleri Buhara nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ugradyrylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana energetika çig malyny daşamakda möhüm üstaşyr geçelge bolup çykyş edýär. Ýurtda deňiz we demir ýol infrastrukturalarynyň özara utgaşykly peýdalanylmagy nebitiň bellenen ýerine netijeli ýetirilmegine mümkinçilik berýär.